milli goshun logo
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahaty
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahaty
10.04.2019 1314 Habarlar

9-njy aprelda paýtagtymyzda, «Ýyldyz» myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahaty öz işine başlady.

Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan guralan maslahat Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekillerini we bilermenlerini, BSGG-niň Ýewropa sebitiniň 44 ýurdundan wekilleri ýygnady, olaryň hatarynda saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, görnükli alym-lukmanlar bar. Türkmen tarapyndan forumyň işine Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, beýleki birnäçe edaralaryň, saglygy goraýyş we ylmy merkezleriň hünärmenleri gatnaşýarlar.

Duşuşygyň esasy wezipeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak. Gün tertibinde çilim çekmek we alkogolly içgileri içmek, semremek, sagdyn däl iýmitlenme, az hereket etmek, gipertenziýa we diabet ýaly meseleleri çözmek wezipesi durýar.

Forumyň barşynda «Ýurt derejesinde borçnamalary ýerine ýetirmek üçin özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini öwrenmek» diýen tema bagyşlanan mejlis geçirildi, onda ýokanç däl keseller boýunça psihiki saglyk, ekologiýa we gender çemeleşmeleri, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek meselelerini gün tertibine goşmak üçin strategiýalara seredildi.

Maslahatyň çäklerinde ugurdaş mejlisleriň üçüsi: psihiki bozulmalaryň we beýleki ýokanç däl keselleriň öňüni almak, bejermek hem-de gözegçilik etmek çärelerini saglygy goraýyş ulgamyna birleşdirmek, ýürek-damar we süýji keselleri babatda maksatlaýyn görkezijileri gazanmak, duzy, süýjini we ýagy aşa köp ulanmak ýaly sagdyn däl iýmitlenmek bilen bagly töwekgelçilikli ýagdaýlary azaltmak meselelerine bagyşlandy.