milli goshun logo
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň güwänamasy — Türkmenistanyň lukmançylyk ulgamyndaky üstünlikleriniň nobatdaky ykrarnamasy
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň güwänamasy — Türkmenistanyň lukmançylyk ulgamyndaky üstünlikleriniň nobatdaky ykrarnamasy
07.11.2023 395 Habarlar

Ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman infrastrukturasynyň kemala geldi. Ilatyň kesellemek derejesini peseltmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, häzirki wagtda ýurdumyz sebitde immunizasiýa boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bu ugurdaky toplumlaýyn işler yzygiderli esasda dowam etdirilýär.

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek bilen, bu ugurda sebitleýin hem-de ählumumy derejedäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, saglygy goraýyş diplomatiýasynyň gurallarynyň netijeli peýdalanylmagyna mynasyp goşant goşýar.