milli goshun logo
Buharest uniwersitetiniň wekiliýetiniň sapary
Buharest uniwersitetiniň wekiliýetiniň sapary
26.02.2019 616 Habarlar

25-nji fewralda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudor we şol institutyň prorektory Konstantin Marius Profiroiu bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ylym-bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu günki duşuşygyň jemleri boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň arasynda şu ýylyň 19-njy fewralynda döwlet Baştutanymyzyň tassyklan bilim, ylmy-barlag hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllaryň çäreleriniň meýilnamasyna gol çekildi.

Resminama laýyklykda, sanly ykdysadyýeti hem-de multimediýa, elektron serişdelerini ösdürmek boýunça ylmy-usulyýet maglumatlaryny alyşmak, bakalawrlary we magistrlary taýýarlamagy, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmek, uzak aralykdan okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýakyn geljekde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny okuw sapaklaryny okatmaga çagyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bilelikdäki ylmy barlaglary alyp barmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýörite sapaklary guramak meýilleşdirilýär.