milli goshun logo
Bölek söwda işini amala aşyrýan söwda desgalarynyň ýeke-täk sanawy dörediler
Bölek söwda işini amala aşyrýan söwda desgalarynyň ýeke-täk sanawy dörediler
19.01.2019 700 Habarlar

Düýn geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow Türkmenistanda hereket edýän söwda desgalarynyň işlerini kämilleşdirmek maksady bilen şolaryň ýeke-täk hasabatyny ýöretmegiň sanly görnüşde işlenilip taýýarlanylan taslamasy, şeýle hem ýurdumyzyň bazarlaryny harytlar bilen doly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň çäginde bölek söwda işini, jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryny amala aşyrýan söwda desgalarynyň döwlet sanawynda hasaba alynmagy teklip edilýär.

Ýeke-täk sanawyň girizilmegi hem-de onda elektron görnüşde maglumat ulgamynyň döredilmegi häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna söwda ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ahyrky netijede bolsa ilatyň harytlara hem-de hyzmatlara bolan isleginiň has doly kanagatlandyrylmagyna mümkinçilik berer. Mundan başga-da, söwda toplumynyň doly maglumat gaznasynyň döredilmegi bu pudagy ösdürmegiň maksatnamalary işlenip düzülende peýdalanylar.