milli goshun logo
BMG-niň se­bit maksatnamasynyň forumy jemleýji resminamany — Aşgabat başlangyjyny kabul etdi
BMG-niň se­bit maksatnamasynyň forumy jemleýji resminamany — Aşgabat başlangyjyny kabul etdi
22.11.2019 526 Habarlar

21-nji noýabrda türkmen paýtagtynda «SPEKA günleri» tamamlandy. Onuň çäklerinde iki çäre — ykdysady forumyň ikinji güni hem-de BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Ýolbaşçy geňeşiniň on dördünji sessiýasy geçirildi.

SPEKA-nyň sebitinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň hukuk gurallaryny, kadalaryny, ölçeglerini hem-de maksatnamalaryny ulanmak arkaly söwda we ulag ulgamlarynda bökdençlikleri azaltmak boýunça Aşgabat başlangyçlarynyň kabul edilmegi bu günüň esasy netijeleriniň biri boldy.

Bu Maksatnamanyň Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de onuň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak maksady bilen, 1998-nji ýylda badalga alandygyny ýatlatmalydyrys. Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan SPEKA agza ýurtlar bolup durýar.