milli goshun logo
BMG-niň Baş sekretary ýubileý medal bilen sylaglanyldy
BMG-niň Baş sekretary ýubileý medal bilen sylaglanyldy
08.07.2024 135 Habarlar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan döwletimize saparynyň çäklerinde ýubileý medal bilen sylaglanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynda uly işleri alyp barýandygyna, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyna ýokary baha berdi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik söz ussadynyň hormatyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilendigini aýdyp, bu medal bilen ilkinji gezek Antoniu Guterrişi sylaglamak barada karara gelendigini hem-de degişli Permana gol çekendigini we şu gün bu medaly uly höwes bilen gowşurjakdygyny aýtdy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda bu medal BMG-niň Baş sekretaryna dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.