milli goshun logo
Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygy
Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygy
16.02.2024 277 Habarlar

Düýn – 15-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko türkmen döwletiniň parahatçylygyň, ösüşiň, hyzmatdaşlygyň dünýä hem-de sebit derejesindäki gün tertibine has işjeň gatnaşýandygyny, bu ugurdaky başlangyçlary ilerledýändigini, häzirki döwrüň çylşyrymly ählumumy we sebit meseleleriniň köpüsi boýunça netijeli çözgütleri teklip edýändigini bellediler. Şu günki duşuşygyň ähmiýetine we onuň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa parahatçylygy goramak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalary hem-de goşantlary üçin hoşallyk bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda Parlamentara Birleşigiň Baş sekretarynyň, daşary ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary diňlenildi. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, olar Türkmenistanyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjyny ilkibaşdan işjeň goldap, 2020-nji ýylda döredilen gününden bäri bu düzümiň işine gönüden-göni gatnaşýarlar.

Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynyň işiniň netijeleri öňe sürlen teklipleriň hem-de garaýyşlaryň esasynda kabul edilen Jemleýji resminamada öz beýanyny tapdy.