milli goshun logo
Birinji Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda
Birinji Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda
11.08.2019 604 Habarlar | Bitaraplygyň mekany

Hazarýaka döwletleriň her biri ägirt uly ykdysady kuwwata eýe. Hazar ykdysady forumy bolsa şol kuwwatlyklary, aýry-aýry, özbaşdak kuwwatlyklary milli bähbitleriň umumylygyndan ugur alyp, bir ugra gönükdirmäge diýseň uly mümkinçilik döredýär. Umuman, Birinji Hazar ykdysady forumy sebitde agzybirligi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şeýlelikde, Hazar deňzi sebitde kenarýaka döwletleriň özara syýasy-ykdysady erk-isleglerinden ugur alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüler. Bu forum parahat geljegi nazarlaýan Hazar sebiti üçin onuň ykbalynda nobatdaky täze öwrülişige – ösüşe we abadançylyga kuwwatly itergi we netijeli badalga bolar.

Forumyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, iri taslamalar üçin şertleri döretmek, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň halkara derejesindäki orny we hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda iri maýa goýum taýdan özüne çekijiligi hakyndaky pikir alyşmalaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Bulardan başga-da, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary, döwlet, işewür toparlaryň we kompaniýalaryň wekilleriniň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

«Milli goşun».