milli goshun logo
Birinji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibi
Birinji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibi
11.08.2019 542 Habarlar | Bitaraplygyň mekany

11-nji awgustda «Halkara Hazar innowasion tehnologiýalar» hem-de «Türkmen sähra – 2019» sergileri geçiriler. Şol gün Türkmenbaşy şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 11-nji mejlisiniň barşynda döredilen Telekeçilik meseleleri boýunça türkmen-astrahan geňeşiniň 1-nji mejlisiniň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Forumyň esasy wakasy «Awaza» Kongresler Merkeziniň uly mejlisler zalynda geçiriljek «Hazar deňzi: halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly dabaraly maslahat bolar.

Dabaraly maslahatdan soň umumy mejlis hem-de görkezilen 6 sany ugur boýunça mowzuklaýyn maslahatlar geçiriler:

Hazar sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk.

Hazar sebitinde ulag hyzmatdaşlygynyň geljegi.

Hazar deňziniň energetika mümkinçilikleri.

Hazar sebitinde senagatyň ösdürilmegi.

Hazar üçin «ýaşyl ykdysadyýet».

Hazar deňzinde ylmy barlaglar boýunça hyzmatdaşlyk.

«Milli goşun».