milli goshun logo
Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar
Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar
13.08.2019 388 Habarlar

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Forumyň geçirilýän senesiniň, däp bolşy ýaly, 12-nji awgustda bellenilýän Hazar deňziniň güni bilen gabat gelmegi bellärliklidir. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedow, Eýran Yslam Respublikasynyň Birinji Wise-prezidenti Eshak Jahangiri, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow bar. Forumyň dabaraly mejlisine hormatly myhman hökmünde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem gatnaşdy.