milli goshun logo
Birinji Hazar ykdysady forumy - žurnalistleriň üns merkezinde
Birinji Hazar ykdysady forumy - žurnalistleriň üns merkezinde
06.02.2019 683 Habarlar

5-nji fewralda Söwda-senagat edarasynda Daşary işler ministrliginiň guramagynda halkara mediaforum geçirildi. Ol şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda boljak birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlandy.

Duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň dünýä belli iri habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlarynyň, gazetleriniň hem-de žurnallarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan işler hem-de guralýan çäreler barada žurnalistlere gürrüň bermek üçin ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri çagyryldy. Birinji Hazar ykdysady forumyny ýurdumyzda geçirmek başlangyjyny hormatly Prezidentimiz Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde öňe sürüpdi.