milli goshun logo
Birinji Hazar ykdysady forumy sebitiň sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlener
Birinji Hazar ykdysady forumy sebitiň sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlener
11.08.2019 1059 Habarlar | Bitaraplygyň mekany

12-nji awgustda günüň ahyrynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjy döwletleriň belli aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ägirt uly dabaraly konsert geçiriler.

Konsertde Russiýa Federasiýasynyň estrada ýyldyzlary Nýuşa, Sergeý Lazarew, Zara, Wolga hem-de Astrahanyň döwlet aýdym-saz ansambly çykyş eder. Azerbaýjanyň wekilleri hökmünde Raşid Ilýasow we Samira Ýefindeýewa, Eýranyň Yslam Respublikasyndan Madji Aşhabi, Hamed Mahzarniýa, Gazagystandan Adilhan Makin, Altynbek Aýgerim dagylar sahnada öz ussatlyklaryny görkezerler.

Türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary hem tomaşaçylarda öz täsirini galdyrar. Olardan Jemal Saparowa, Nurýagdy Rejepow, Sahydursun Hojakowa, Gülşat Gurdowa, Annaguly Myratdurdyýew, Parahat Amandurdyýew, Ahmet Atajanow we Azat Dönmezow dagylar çykyş eder.

«Milli goşun».