milli goshun logo
Bilim ulgamyny halkara konwensiýalarynyň kadalaryna laýyk getirmek boýunça işler dowam etdiriler
08.02.2019 474 Habarlar

7-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar düzümi bilen geciren duşuşygynda, bilim ulgamynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça birnäçe görkezmeler berdi.

Soňky ýyllarda biz bilim berýän edaralaryň maddy-tehniki binýadyny düýpli pugtalandyrdyk. Ýöne gazanan üstünliklerimiz bilen çäklenmeli däldiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýurdumyzy geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bizden bilim ulgamynda degişli reformalary geçirmegi talap edýär. Ýagny, bu ulgamy maliýeleşdirmek, dolandyrmak we onuň gurluşy hem-de beýleki meseleleri bilen bagly kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutýar.

Ilki bilen, bu ugurda bilim bermegiň täze standartlary, dünýäde gazanylan öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak arkaly okuwyň hilini ýokarlandyrmak, ähli bilim edaralary üçin Internet ulgamynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça işleri geçirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge laýyklykda, bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy barada aýdyp, Mejlisiň deputatlaryny degişli kanunçylygy kämilleşdirmäge ugrukdyrdy.

Ylmy ösdürmek hem Garaşsyz döwletimizde alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamaly. Bu kanunlaryň taslamalary ylmy işgärleriň hukuklaryny we borçlaryny has-da anyklamalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Alymlaryň alyp barýan işlerini maddy we ahlak taýdan höweslendirmek we ýaşlary ylma çekmek meselelerine üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we ylmy-tehniki maglumatlary toplamak, ýaýratmak we bermek üçin çäreleri göz öňünde tutmagyň wajypdygyny belledi.

Ylmy-tehniki ösüşiň iş ýüzündäki netijelerini giňden ulanmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, barha giňeýän aň-düşünje mümkinçiliklerinden peýdalanmak, milli kanunçylygy ýurdumyzyň goşulan halkara konwensiýalarynyň kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Oýlap tapyşlary hem-de senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramak we peýdalanmak bilen bagly döreýän meseleler örän möhüm ähmiýete eýedir.