23-nji aprelde Milli
bilim institutynda wideokonferensiýa görnüşinde Ýewropa Bileleşiginiň
«Türkmenistanyň bilim ulgamyna goldaw» atly taslamanyň Ýolbaşçy komitetiniň
nobatdaky duşuşygy boldy.
Ylym-bilim
ulgamy Türkmenistanyň ÝB bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar.
Türkmen tarapy ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda
wezipeleri nazara almak bilen, Merkezi Aziýa üçin ÝB-nyň täze strategiýasynyň
çäklerinde degişli ugry, şol sanda başlangyç, orta we ýokary hünär bilimini
güýçlendirmegi teklip etdi.
Şeýle hem
Ýewropanyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uniwersitetleriniň arasyndaky
alyşmalary işjeňleşdirmegiň, ýaş hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak
maksatnamasyny giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Häzirki wagtda
Türkmenistanda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi
boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli abraýly ýokary
okuw mekdepleriň sanawyna goşmak boýunça işler alnyp barylýar.