milli goshun logo
Bilim edaralarynda ilkinji okuwlar «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçer
Bilim edaralarynda ilkinji okuwlar «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçer
24.08.2019 1074 Habarlar

Giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýekşenbe güni, 1-nji sentýabrda ir säher bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişi geçiriler, şonuň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça aýdym-sazly görkezme çykyşlary bolar. Şeýle hem şol gün «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk konserti geçiriler.

2-nji sentýabrda mekdep okuwçylary we talyplar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýmak dabaralaryna gatnaşarlar. Orta mekdeplerde, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde däp bolan dabaraly nyzamlar geçiriler.

Bilim edaralarynda ilkinji okuwlar «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçer. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna, Garaşsyzlygyň 28 ýyly içinde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanýar.

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde 1-nji synp okuwçylaryna milli Liderimiziň adyndan öwrediji kompýuterler sowgat berler.