milli goshun logo
Beýik Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramynyň şanyna
Beýik Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramynyň şanyna
08.05.2024 226 Habarlar

Beýik Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Sarpasy belent gahrymanlar» atly baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen keşbi görnükli ýerde ýerleşdirildi. Watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet aganyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi nesiller üçin gaýduwsyzlygyň, wepalylygyň ýokary nusgasy bolup durýar.

Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer» atly eseri bu ýerdäki kitap sergisine özboluşly bezeg berdi. Serginiň dowamynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan tankyň makedi, harby dürbi, söweş torbasy, türkmen ýigidiniň harby lybasy, ot açýan ýaraglar we başga-da birnäçe esger esbaplary görkezilýär. Sergide Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek üçin altyn-kümüş bezeg şaýlary, esgerler üçin ýyly egin-eşikleri tabşyryp duran pursatlary beýan edilen dokumental fotosuratlara hem aýratyn orun berilýär.

Sergide söweş meýdanlaryndaky esgerlerden gelen hatlaryň okalyp durlan pursatlaryny şöhlelendirýän hem-de urşa gatnaşyp, edermenlik görkezen gerçeklerimiziň fotоsuratlaryny, harby ordendir medallary, frontdan gelen üçburçly hatlary, urşa gatnaşyp edermenlik görkezen esgerleriň şahsy resminamalaryny-da synlamak bolýar.