milli goshun logo
Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi
Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi
10.05.2024 172 Habarlar

Düýn – 9-njy maýda ýurdumyzda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi.

Gahrymanlary ýatlamak däbi hemişe-de türkmen jemgyýetiniň mizemez sütünleriniň biridir. Şolaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweşlerine gatnaşanlar aýratyn sarpalanylýar. Häzirki döwürde Ýeňiş güni aýratyn dabara bilen bellenilip, ol nesilleriň özara baglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk we ylalaşyklylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Häzirki we geljek nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança ýygnandylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, Hormat garawulynda türkmen halkynyň watansöýüjilik däplerini, şöhratly pederlerimiziň wesýet eden ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän ýaş harby gullukçylar hatara düzüldiler. «Baky şöhrat» ýadygärligine hormatly Prezidentimiziň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy. Soňra bu asylly ýörelgä eýerip, çärä gatnaşyjylar çuňňur hormat-sarpa bilen ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular.

Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gül goýmak dabaralary geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ýeňiş gününiň şanyna guralan medeni çäreler ildeşlerimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza buýsanjyny has-da artdyrdy.