milli goshun logo
Beýik akyldaryň goşgulary Albukerkede ýaňlanar
Beýik akyldaryň goşgulary Albukerkede ýaňlanar
23.10.2023 518 Habarlar

Biziň ýurdumyzyň Medeniýet günlerine we türkmenleriň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň uly döredijilik topary Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gitdi. Döredijilik çäresi 23-24-nji oktýabrda Aşgabat şäheri bilen doganlaşan Albukerke şäherinde bolar. Bu barada TDH habar berýär.

Wekiliýetiň düzüminde Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň, muzeý we kitaphananyň işgärleri, drama teatrlarynyň artistleri, aýdymçylar we «Dokmaçylar», «Aşgabat», «Ahal öwüşginleri» tans, folklor we etnografik toparlar bar.

Medeni çäräniň çäginde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň konsertleri geçiriler. Bu çärede Amerikanyň tomaşaçylaryna türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti we däp-dessurlary görkeziler, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň sergileri guralar, lybaslar we halylar, neşir önümleri görkeziler hem-de türkmen hünärmenleriniň amerikan kärdeşleri bilen duşuşyklary geçiriler.

Albukerke şäherinde ýerleşýän Nýu-Meksiko uniwersitetinde beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik ýygnanyşygy geçiriler. Onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň häzirki zaman türkmen dili we taryhy bölüminiň müdiri Ogulnabat Goçowa Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde alnyp barylýan ylmy gözlegler, halkara derejesindäki baýramçylyga görülýän uly taýýarlyklar barada gürrüň ederler.