milli goshun logo
Berkararlygyň baş mukaddesligi
Berkararlygyň baş mukaddesligi
18.05.2024 120 Habarlar

Baýdak we Konstitusiýa her bir döwletiň garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddesliklerdir. Ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bellenilmegi bu iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr we milli gymmatlyklarymyza janymyz-tenimiz bilen ygrarlydygymyzyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir. Konstitusiýa ýurdumyzyň hukuk döwleti hökmünde milli gymmatlyklarymyza we halkara ýörelgelere esaslanýan möhüm ulgamyny ösdürmegiň gözbaşynda durýar. Ondaky ýörelgeleýin kadalar kanunylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, deňhukuklylyk, demokratiýalaşmak, halk häkimiýetliligi ýaly häzirki zamanyň umumy jemgyýetçilik-syýasy düşünjeleriniň jemini emele getirýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde – 1995-nji, 1999-njy, 2003-nji, 2005-nji, 2008-nji we 2016-njy ýyllarda birnäçe döwrebap konstitusion özgertmeler amala aşyryldy. Olaryň her biri ýurduň Esasy Kanunynyň aýry-aýry düzgünleriniň manysyny ösdürdi we baýlaşdyrdy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda 2017-nji, 2020-nji hem-de 2023-nji ýyllarda hem konstitusion özgertmeler bilen baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu ugurda öňe süren başlangyçlary milli demokratiýamyzyň dabaralanmasydyr hem-de Türkmenistanyň geljekki ösüşleriniň esasy ugurlaryny kesgitleýän taryhy wakadyr.

Şu pursatda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowy hem-de ähli halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 32 ýyllyk şanly senesi we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!