milli goshun logo
Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri
Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri
06.05.2024 212 Habarlar

Golaýda paýtagtymyzdaky Nebit-gaz medeni işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Talyp ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp ýigitleriň 26-sy gatnaşdy.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, talyp ýigitler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bilen baglylykda, sungata, döredijilige bolan ukyp-başarnyklaryny görkezip, türkmen ýigidine mahsus edermenligi, mertligi, adyllygy, halallyga ygrarlylygy şirin aýdymlar, goşgular, çuň mazmunly monologlar we gysga sahnalar arkaly beýan etdiler.

Ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat ussatlaryndan düzülen eminler toparynyň agzalary gerçek ýigitleriň çykyşlaryna mynasyp baha berdiler. Olaryň çözgüdi bilen, döredijilik bäsleşiginiň baş baýragyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Mekan Kurdow mynasyp boldy.

Ýeňiji bolanlara we bäsleşige işjeň gatnaşan talyp ýigitlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan diplomlardyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.