Türkmenistan döwletimize sapar bilen
gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe hormatly
Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli döredilen
sowgatlyk nyşany we «Magtymguly» kitabyny sowgat berdi.
Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy
hormat-sarpa üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň
ajaýyp şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň filosofik pikirleriniň
ähmiýetini nygtady. Ajaýyp söz ussadynyň baý döredijiligi, filosofik mirasy
diňe bir türkmen halkynyň milli baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä
edebiýatynyň hem aýrylmaz bölegi bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar
toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň
(ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem
munuň aýdyň güwäsidir.