milli goshun logo
Bazar ykdysadyýetiniň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi dörediler
Bazar ykdysadyýetiniň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi dörediler
18.05.2019 677 Habarlar

17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow hususy pudagy işgärler bilen üpjün etmek üçin bazar ykdysadyýetiniň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdebini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksat bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen bilelikde degişli guramaçylyk işleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda kiçi we orta işewürlik kärhanalarynyň sanynyň, telekeçilik düzümleriniň barha köpelýändigini belledi. Şoňa görä-de, menejment, marketing hem-de beýleki ugurlar boýunça hünärmenleri hünär taýdan taýýarlamaga degişli täze ýokary okuw mekdebiniň açylmagy döwrüň talabydyr.

Döwlet Baştutanymyz dünýä derejesinde göz-garaýşy, strategiki pikirlenilişi hem-de durmuş taýdan jogapkärçiligi bolan, jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň ösmegine uly goşant goşmaga ukyply halkara derejeli işewürleri kemala getirmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary we okatmagyň usullaryny peýdalanmak, tejribeli mugallymlary çekmek bilen işewürlik biliminiň innowasion gurşawynyň döredilmegine ünsi çekdi.