milli goshun logo
Baýramyňyz gutly bolsun, merdana Watan goragçylary!
Baýramyňyz gutly bolsun, merdana Watan goragçylary!
27.01.2024 599 Habarlar

Bu gün – 27-nji ýanwar. Pederlerimiziň ar-namysy, dogum-gaýraty siňen eziz Diýarymyzyň asudalygynyň, parahatçylygynyň goragynda sak duran merdana ogullaryň baýramy – Watan goragçylarynyň güni! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän bu ajaýyp baýram bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzümini «Milli goşun» žurnalymyzyň agzybir döredijilik toparynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdirilýär. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlandyrylýar. Ine, şu ýyl siziň hünär baýramyňyz mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap binalaryňdyr desgalaryň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ajaýyp işleriň durmuşa geçirilmegi goranmak kuwwaty berkden bolan ata Watanymyzyň berkararlygyny, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».

Merdana Watan goragçylary, size hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik watansöýüjiligini, Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerini şygar edinip, ata Watanymyzy gözüňiziň göreji deýin goramakda gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň, edermenligiň, güýç-gaýratyň hemra bolmagyny arzuw edýäris! «Watan» diýip urýan ýüregiňiziň watansöýüjilik duýgusy ömrüňiziň manysyna öwrülsin!

            Baýramyňyz gutly bolsun,  merdana Watan goragçylary!