milli goshun logo
Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban zenanlar!
Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban zenanlar!
08.03.2020 3154 Harby özgertmeler

Ine, dünýä ýurtlarynda we güneşli türkmen ülkämizde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni ýetip geldi. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri zenanlary uly hormatlap, olary öýlerimiziň tuwagy hasaplap gelipdirler. Olar hemişe we hemme işde merdanalygyň, gaýratlylygyň, edermenligiň belent nusgasyny görkezipdirler.

Hawa, bagtyýarlyk döwrümizde türkmen zenanlary taryhda belent ykbally zenanlar hökmünde tanalan Tumar şanyň, Zarinanyň, Banu Çiçegiň, Burla hatynyň, Altynjan hatynyň, Agaýunusdyr Harmandäliniň, Gülaýymyň, Türkan hatynyň, Mähri hatynyň, Güljemal hanyň... müdimi goýan nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýärler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde zenan harby gullukçylaryň müňlerçesi zähmet çekýär. Olar öz ykballaryny Watanyň, ene topragyň ykbaly bilen mäkäm baglap, halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, ulus-ilimize ak ýürekden gulluk edýärler. Bu gün bolsa, olaryň baýramy!

Baýram gününde sizi, ýok, diňe zenan harby gullukçylarymyzy däl, ýaz paslynyň owadan al-elwan güllerinden görk alan, nurly Kuýaşdan reňk alan, ýüzleri on dördi gijäniň aýyna deňelýän ähli türkmen zenanlarymyzy 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys! Siziň her biriňiziň asly halal, döwletli maşgala ojaklaryňyzda elmydama agzybirligiň we asudalygyň höküm sürüp, şadyýan çaga gülküleriniň belentden ýaňlanyp, sahawatly türkmen topragynda ýetişýän näz-nygmatlaryň elmydama rysgal-bereketli saçaklaryňyzy bezäp durmagyny, on sekiz müň älemiň ähli gözelligi size hemra bolup, türkmen öýüni bezäp, nur saçyp ýaşamagyňyzy arzuw edýäris! Goý, bagtyňyz bahar bägülleri ýaly parlak bolsun! Tapylmaýan, tapylsa-da satylmaýan bagt köňül guşuňyza öwrülip, ykbal ýollaryňyzda size mydama kölege bolsun!

Mährem zenanlar, bu gün  «Milli goşunyň» döredijilik topary siziň ähliňize iň aňrybaş älem gowulyklaryny arzuwlaýar. Baýramyňyz gutly bolsun, kümüş saçly enelerimiz we mähriban türkmen gelin-gyzlarymyz!

«Milli goşun».