milli goshun logo
Täze harby bölümiň açylyşy boldy
Täze harby bölümiň açylyşy boldy
26.01.2019 1152 Habarlar

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde täze harby bölüm açylyp ulanylmaga berildi. Bu bolsa hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mukaddes Watanymyzyň her daban ýerini jogapkärli goraýan Ýurt goragçylarymyza bu hünär baýramçylygy mynasybetli eden aýratyn sowgady boldy.

Dabaranyň başy Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Soňra bolsa merdana harby gullukçylaryň bu baýramçylyk mynasybetli buýsançly çykyşlary dabaranyň ähmiýetini has hem artdyrdy. Bu ýatdan çykmajak waka mynasybetli Watan goragçylary tarapyndan mukaddes Watanymyzyň, berkarar döwletimiziň, bagtyýar ilimiziň we güneşli diýarymyzyň waspyny ýetirýän ajaýyp aýdymlar ýerine ýetirildi.

Bu günki watan goragçylaryna sowgat berlen täze harby bölümiň açylyş dabarasyna gatnaşan Watan goragçylary, bu döredilen mümkinçilikleriň şaýady bolandyklaryna begençleriniň çägi ýokdur. Mälim bolşy ýaly, täze açylyp ulanmaga berilýän harby bölümde hem, harby gullukçylaryň Watan öňündäki harby gulluk borçlaryny berjaý edýän döwürlerinde hiç hili bökdençsiz, ýylyň ähli paslynda özlerini rahat duýmaklary üçin ähli şertler döredilen. Täze harby bölümde durmuş taýdan hyzmat ediş otaglary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk nokady, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin sport desgalary göz öňüne tutulan. Bu bolsa Hormatly belent Serkerdebaşymyzyň Watan goragçylary hakda edýän atalyk aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Milli goşun».