milli goshun logo
Baýramçylygyň öň ýanynda Mary welaýatynda täze binalar açyldy
Baýramçylygyň öň ýanynda Mary welaýatynda täze binalar açyldy
22.09.2019 1477 Habarlar

Baş baýramçylygyň — Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Mary we Baýramaly şäherleriniň ýaşaýjylary ajaýyp sowgatlar aldylar. Şu gün bu ýerde täze köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy.

20-nji sentýabrda täze jaýlaryň baýramçylyk lybasyna beslenen çäginde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular, ýaşlar, köp sanly ýaşaýjylar ýygnandylar. Döredijilik toparlary joşgunly aýdym-sazlary we tanslary bilen baýramçylygyň şowhunyny artdyrdylar.

Welaýatyň dolandyryş merkezindäki Aga Hanjaýew köçesiniň ugrunda bina edilen 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýy bu ýerde bar bolan jaýlaryň üstüni ýetirdi. Onuň gurluşygynda «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň şähergurluşyk pudagynyň işgärlerine bildirýän talaplaryny nazara almak bilen, iň döwrebap gurnama we timarlaýyş serişdelerini peýdalandylar.

Giň eýwanly iki we üç otagly öýlerde maşgalalaryň oňaýly ýaşamagy üçin ähli amatlyklar we şertler göz öňünde tutuldy. Täze jaý merkezleşdirilen ýyladyş, energiýa, gaz we suw üpjünçilik ulgamy bilen üpjün edildi.

Baýramaly şäheriniň Altyn asyr köçesiniň ugrunda bina edilen, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 4 gatly, 24 öýli owadan hem-de özboluşly jaý ýerli gurluşykçylar tarapyndan guruldy.