Düýn geçirilen Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň
bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada
hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimini
giňeltmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak üçin karz beriş edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň öňdebaryjy usullary
giňden ulanylýar.
Häzirki günde «Altyn asyr» töleg
ulgamynda «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryny peýdalanýanlaryň sany
artýar. Bu hyzmatlaryň kömegi bilen hususy bölege degişli müşderiler bank
hasaplaryny karz edarasyna barmazdan, menzilara dolandyrmagy we hyzmatlaryň
dürli görnüşlerini tölemegi amala aşyryp bilýärler. Ýakyn geljekde «Rysgal»
paýdarlar-täjirçilik banky tarapyndan QR-kodyň (dessin tassyklanylýan kod)
ulanylmagy bilen tölegleri geçirmek ulgamyny işe goýbermek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer milli Liderimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowa bu bankyň «MasterCard» halkara töleg ulgamynyň
agzalygyna girmegi bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri barada habar bermek
bilen, bu ulgamyň töleg kartyny peýdalanýanlara niýetlenen halkara töleg
kartlarynyň milli nusgalaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp,
bank ulgamynyň durnukly ösdürilmegi möhüm şertleriň biri bolup, milli
ykdysadyýetimiziň basdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, döwletimiziň dünýä
hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin zerurdyr
diýip belledi.
Bank hyzmatlarynyň sanawyny
giňeltmek we hilini artdyrmak, şol sanda halkara derejesinde giňeltmek,
öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak geljegi uly
ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow milli peýdalanyjylar üçin «MasterCard» halkara töleg ulgamynyň
plastik kartlarynyň hödürlenen nusgalaryny, umuman, makullap, wise-premýere
birnäçe görkezmeleri berdi.