milli goshun logo
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
08.11.2019 435 Habarlar

7-nji noýabrda, Hasyl toýunyň öň ýanynda, Balkan welaýatynyň pagtaçylary pagta çig malyny taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 5 müň tonnadan gowrak «ak altyn» taýýarlap, Watan harmanyna goşdular.

Mälim bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň Garagum derýasynyň suwy bilen suwarylýan oba hojalyk ekinleriniň esasy bölegi Serdar we Bereket etraplarynda ýerleşýär. Ýurdumyzyň Günbatar sebitiniň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, meýdanlarda gowaçanyň orta süýümli görnüşleri ekildi. Pagta çig malyny taýýarlamak baradaky döwlet borçnamasyny ýerine ýetiren balkanlylaryň üstünligi ekerançylaryň ençeme aý çeken zähmetiniň, olaryň ähli agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen ekinlere eden gündeki ideginiň kanunalaýyk netijeleridir.