milli goshun logo
Balkan welaýatynda täze obanyň açylyş dabarasy boldy
Balkan welaýatynda täze obanyň açylyş dabarasy boldy
25.12.2019 1279 Habarlar

24-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow Serdar etrabynyň «Arkaç» geňeşliginiň çäginde gurlan täze döwrebap «Rowaç» atly obanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze obada jemi üç we dört otagly kaşaň jaýlaryň 268-si guruldy. Bu ýerde ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşlerini hödürlemäge mümkinçilik berýän, iň täze ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýi hyzmat berip başlady.

Mundan başga-da 160 orunlyk çagalar bagy, 320 okuwça niýetlenen mekdep, Medeniýet öýi, Söwda merkezi, Hyzmatlar öýi, Geňeşligiň binasy, 360 belgä niýetlenen awtomat-telefon stansiýaly aragatnaşyk bölümi, azyk harytlary dükany, güýjenmesi 35 KWt bolan elektrik podstansiýasy, kuwwaty gije-gündizde 1000 kub metr suwa barabar bolan suw arassalaýjy desga guruldy. Şeýle hem obada metjit bina edildi.

«Balkan gurluşyk» önümçilik birleşiginiň ýerli bölümleri bu desgalaryň gurluşygynyň potratçylary bolup çykyş etdiler. Bu möhüm durmuş ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge «Balkannebitgazgurluşyk» kärhanasy we «Bagtyýar ýaşlar» we «Sarydaş» hususy gurluşyk kärhanalary hem gatnaşdy.