milli goshun logo
Balkan welaýatynda demriň ägirt uly gorlary ýüze çykaryldy
Balkan welaýatynda demriň ägirt uly gorlary ýüze çykaryldy
23.11.2019 2093 Habarlar

22-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer M.Meredow ýurdumyzyň çäginde bar bolan ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, olary ylmy esasda öwrenmek we özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini aýtdy. Şeýle hem ol ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň dowamynda Balkan welaýatynyň çäginde demriň ägirt uly gorlary bar bolan känleriň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu habary kanagatlanma bilen diňläp, şol bir wagtyň özünde sanly wideoaragatnaşyga wise-premýerler B.Öwezowy we Ç.Purçekowy çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz türkmen topragynda bar bolan tebigy baýlyklaryň ýurdumyzyň abadançylygynyň we alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň bähbidine işjeň peýdalanylmalydygyny we degişli derejede özleşdirilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýüze çykarylan demriň gorlaryny senagat taýdan işleýän täze metallurgiýa kärhanasyny gurmak, onuň degişli derejedäki işini ýola goýmak hem-de zawodyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek boýunça bilelikde iş alyp barmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda dünýä derejesinde bar bolan oňyn tejribeleri, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary işläp taýýarlamak we onuň senagat taýdan önümçiligini ýola goýmak boýunça halkara derejesindäki ylmyň gazananlaryny işjeň öwrenmek we bu ugurda degişli teklipleri taýýarlamak babatda wise-premýerlere anyk görkezmeleri berdi.

Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň ýerli çig mallardan taýýarlanan gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, bu işlere hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz degişli geologiýa-gözleg işlerini yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.