milli goshun logo
Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa türkmen paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi
Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa türkmen paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi
17.03.2019 574 Habarlar

18-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we şu gün ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçiriler.

Taraplar şu gezekki ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde özara hormat goýmak we hoşniýetli erk-isleg ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri hem-de sebit we halkara syýasatynyň ugurlary boýunça pikir alyşmalary geçirmegi meýilleşdirýärler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar, munuň özi Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we işjeňleşdirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolar.