milli goshun logo
Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry açyldy
Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry açyldy
09.05.2024 290 Habarlar

Düýn – 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Olaryň biri Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrydyr.

Ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen senagat toplumynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge Germaniýanyň önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän «KHD Humboldt Wedag» iri inženerçilik kompaniýasy çekildi.

Kärhana edara binasyndan we 48 sany desgadan ybarat bolup, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilendir.

Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň ýerli çig maldan ýokary hilli önümleri öndürmäge ýöriteleşen täze kärhanasy tiz wagtda gurluşyk senagatynyň esasy önümleriniň biri bolan sementiň ilkinji tonnalaryny sarp edijilere ýetirip başlar.