milli goshun logo
Bäherden etrabynda täze orta mekdebiň düýbi tutuldy
Bäherden etrabynda täze orta mekdebiň düýbi tutuldy
14.07.2019 1731 Habarlar

13-nji iýulda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Akdepe obasynda täze döwrebap 960 orunlyk orta mekdebiň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy. Çärä Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedow, welaýatyň we şäherdir etraplaryň häkimlikleriniň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, il sylagly ýaşulylar, telekeçiler, gurluşykçylar şeýle-de ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada aýdym-saz sungatynyň ýaş wekilleriniň tans we dutarçylar toparlarynyň ýerine ýetirmeklerinde çykyşlar boldy.

Täze mekdebiň düýbüniň tutulmagyna badalga berilmegi mynasybetli çäräniň geçýän ýerinde şowhunly aýdym-sazlar, tanslar, kompozisiýa çykyşlaryna, sport görkezmelerine uly orun berildi. Täze guruljak döwrebap orta mekdebiň gurluşyk işleri «Altyn minara» gurluşyk hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barlar. Täze guruljak mekdebiň synp otaglary dünýäniň ösen bilim ulgamynyň kämil enjamlary bolan multimediýa tagtalary bilen üpjün edilip, okuwçylara berilýän bilimiň hilini has-da çuňlaşdyrmaga oňyn täsirini ýetirer. Iki gatdan ybarat boljak täze mekdepde döwrebap kitaphana we naharhana, sport zallary geljekde okuwçy ýaşlara giňden hyzmat eder.