milli goshun logo
Babyr bilek pälwanlar – Türkmenistanda
Babyr bilek pälwanlar – Türkmenistanda
21.09.2018 1294 Sport

Bagtyýar, güneşli hem nurana diýarymyzda sport we ýaşlar syýasatyny, köpçülikleýin bedenterbiýäni we olimpiýa hereketini ösdürmek ugrunda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň özüniň başda durmagynda bimöçber işler alnyp barylýar. Ýyldan-ýyla ýurdumyzda ilatyň arasynda, esasan-da ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin we professional sporta bolan söýgi has-da artýar. Aýratyn hem welosipedli gezelenç etmek ýa-da köpçülikleýin ylgawlar has uly meşhurlyga eýe bolýar.

Soňky ýyllarda merjen paýtagtymyz Aşgabat iri göwrümli halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Aşgabat şäherinde geçirilen her bir halkara ýaryş barada olara gatnaşyjylaryň ählisinden «Ýokary guramaçylyk derejesinde we baýramçylyk atmosferasynda geçirilen ýaryş üçin köp sag boluň!» diýen, ýokary öwgüli baha we çuňňur minnetdarlykly sözleri eşitmek bolýar. Dogrudan-da, 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary derejede, guramaçylykly, ýatdan çykmajak pursatlara baý, şatlykly geçirilip, Aziýa we Okeaniýa yklymlarynyň ähli halklarynyň sport janköýerleriniň kalplaryny baýramçylyk dabarasy bilen  gurşady. Indi Aşgabat tutuş dünýä halklaryny birleşdirjek ýene-de bir ajaýyp sport ýaryşyny kabul etmäge taýýarlyk görýär. Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) Ýerine ýetiriji komitetiniň 2017-nji ýylyň 26-njy noýabrynda ABŞ-nyň Anahaým şäherinde geçiren mejlisinde ähli agzalaryň bir agyzdan goldamagynda, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny Aşgabat şäherinde geçirmek boýunça ylalaşyga gol çekildi. Üstümizdäki ýylyň 24-nji martynda bolsa, Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda hem-de dünýä çempionatynyň guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. Elbetde, Dünýä çempionatyny guramaklyk ýurdumyzyň ussat we eýýäm baý tejribeli sport hünärmenleri üçin ýene bir çagyryş bolup, olaryň ählisi agzybirlikde bu ýaryşy iň ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin bar başarnyklaryny jemlemek bilen yhlasly zähmet çekýärler.

Şu makalany taýýarlaýan döwrüm, men dünýä çempionatynyň guramaçylyk işleri boýunça iş alyp barýan birnäçe sport hünärmenleri bilen söhbetdeş boldum. Şolaryň biri, Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedow: «Biz paýtagtymyzda öň hem agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyny, hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde agyr atletika ýaryşlaryny ýokary derejede geçirdik. Noýabr aýynda geçiriljek dünýä çempionatyny hem ýokary derejede geçirip, ýurdumyzyň abraýyny has-da beýgeltjekdigimize ynanýaryn. Birnäçe aýyň dowamynda, biz federasiýamyz tarapyndan düzülen döwürleýin takyk meýilnamamyza laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde çempionatyň guramaçylyk meseleleri boýunça meýilleşdirilen işleri amala aşyryp gelýäris. Olardan 18 sany iş ugur boýunça meýilnamalar işlenilip düzüldi. Şol işleriň hatarynda – dünýä çempionatynyň Düzgünnamasyny Halkara agyr atletika Milli federesiýasy bilen ylalaşyk esasynda tassykladyk we şonuň esasynda Halkara Agyr atletika federasiýasynyň agzalarynyň 120-ä (bir ýüz ýigrimä) golaýyna Aşgabat 2018 Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyna çakylyk ýolladyk. Eýýäm häzirden onlarça döwletler özleriniň bu çempionata gatnaşmaga isleglerini bildirip, öz gatnaşyjy türgenleriniň arzalaryny tabşyrýarlar. Häzire çenli Halkara agyr atletika federasiýasynyň wekilleri paýtagtymyza iki gezek iş saparyny amala aşyrdylar. Munuň özi geçiriljek dünýä çempionatynyp üstünliginiň girewi bolup durýar.

Ýeri gelende bellesek, öz türgenlerimiziň bu dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin, olary ýokary derejede taýýarlamak boýunça işleri hem ýokary depginde alyp barýarys. Milli ýygyndy toparymyzyň ussat tälimçilerimiziň we tejribeli daşary ýurtly tälimçiniň ýolbaşçylygynda türgenlerimiz ähli şertleri döredilen Olimpiýa şäherjiginde türgenleşiklerini alyp barýarlar. Şeýle-de ýygy-ýygydan daşary ýurtlarda okuw-türgenleşik ýygnanşyklaryny amala aşyrmak bilen öz hünär ussatlyklaryny kämilleşdirýärler. Biz olaryň bu dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl Tugumyzy belende göterjekdiklerine berk ynanýarys» diýip, biz bilen öz pikirlerini paýlaşdy. Şunlukda, dünýä çempionatyna taýýarlyk boýunça ussat hünärmenler bilen söhbetdeş bolmagymyzyň netijesinde, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty barada käbir sanly maglumatlardan düzülen jedwel emele geldi.

 

Ýaryşyň günleri:

1-10-njy noýabry aralygy

Halkara agyr atletika federasiýasynyň kongresi we mejlisleri

28-31-nji oktýabr

Ýaryşyň derejesi

“Tokio 2020” Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmak ugrunda

Ýaryşa gatnaşjak döwletleriň sany

Takmynan 100 döwlet

Ýaryşa gatnaşjak myhmanlaryň sany

1000-e golaý myhman

600-700 türgen

200 tälimçi

45 tehniki wekil

Agram derejeler:

Jemi 20 agram dereje:

Erkekler: 55, 61, 67, 73, 81, 89, 96, 102, 109, +109 kg;

Aýallar: 45, 49, 55, 59, 64, 71, 76, 81, 87, +87

Ýaryşyň medallary

67 toplum medal

Tomaşaçylaryň sygymy

2000-e golaý

Hyzmat etjek meýletinçileriň sany

500 meýletinçi

Geçiriljek ýeri

Başa-baş söweş sungaty sport toplumy

Türgenleşik üçin desga

Türgenleşik zallary T2

Iýmit nokatlary

Jemgyýetçilik – medeniýet merkezi,

1000 orunlyk restoran

Resmi wekilleriň we VIP myhmanlaryň ýerleşjek ýeri

Sport myhmanhanasy

Türgenleriň ýerleşjek ýeri

Olimpiýa şäherjiginiň myhmanhanalary

 

Islendik bir ýaryş özüniň gaýtalanmajak nyşany bilen tapawutlanýar. Elbetde bu Dünýä çempionaty hem biziň ýurdumyzyň milli aýratynlygyny we häzirki zaman sungat äheňini beýan edýän nyşan bolup, bahym paýtagtymyzyň ähli künjegini bezär.

Döredijileriň aýtmaklaryna görä, bu nyşanyň emele gelmeginiň düýbünde döwlet Tugumyzdan ruhlanylan, ylhamdan doly çeper beýan ýatyr. Onda agyr atletikaçy türgeniň abstrakt şekili görkezilýär. Şekil döwlet baýdagymyzyň gyrmyzy, ýaşyl reňk öwüşgünleri bilen reňklenen we nagyşlar bilen bezelen bolup, özüniň milli we döwrebap äheňi bilen özüni çekýär. Edil şonuň ýaly hem bu ýaryşda ähli türgenleriň öz ussatlyklaryny görkezip, döşüne dakyp gitmek isleýän zady bolan dünýä çempionatynyň medallary hem özüniň bezeg aýratynlygy bilen täsirliligini saklaýar.

Dünýä çempionatynyň ýakynlaşmagy bilen taýýarlyk işleriniň depgini hem artýar. Sport desgasyny ýaryşa gutarnykly taýýarlamak, ýaryş meýdançasyny we türgenleşik zallary işjeňleşdirmek, myhmanhanalary, iýmit nokatlaryny we iýmit üpjünçiligini gurnamak, lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak, ýygnaklar we duşuşyklar, geljek myhmanlary garşy almak we ugratmak wezipelerini sazlamak, meýletinçileri iş ugurlaryna görä taýýarlamak, ýaryş pursatlaryny gyzgyny bilen ýaýlyma bermek ýaly köpsanly guramaçylyk işleri edilmeli esasy işleriň sanawyny düzýär. Dogry, edilen işler kän, edilmeli işler ondan-da kän. Çünki biz iň ýokary derejeli dünýä çempionatlaryň birini geçirmegi maksat edinýäris.

Munuň üçin ähli işler halkara tejribelerine laýyklykda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda desgalarda ýaryş üçin gerekli nusgada sport enjamlary gurnamak we guramaçylyk otaglary taýýarlamak işleri dowam edýär. Ýaryşyň meýilnamalary gatnaşyjy ýurtlaryň ýüz tutmalary boýunça Halkara agyr atletika federasiýasy bilen bilelikde taýýarlanýar. Lukmanlar desgada ýerine ýetiriljek iş meýilnamalaryna görä taýýarlyk görýärler, ulag hyzmatlarynyň hünärmenleri saýlamak üçin iň amatly ýol ugurlaryny seljerýärler, protokol işgärleri ähli geçiriljek ýygnaklaryň meýilnamalaryny jikme-jikligine öwrenýärler, akkreditasiýaçy hünärmenler her bir gatnaşyjyny hasaba alyp, olara akkreditasiýa kartlaryny taýýarlamak işlerini dowam edýärler, tehniki işgärler ähli maglumat tehnologiýalary boýunça enjamlaryny iň ýokary iş kuwwatyna getirip, soňky barlag işlerini geçirýärler, žurnalistler galamlarynyň ujuny ýiteldýärler, media işgärleri ýaryşyň her bir ýatdan çykmajak pursatyny gyzgyny bilen tomaşaçylara ýetirmäge taýýarlanýarlar, türgenler çempionlyk ýeňişiň arzuwynda güýç kuwwatlaryny gaýgyrman türgenleşýärler, tejribeli, mähirli we elmydama güler ýüzli meýletinçiler bolsa her biri öz ýerinde islendik adama ýardam bermäge, ugrukdyrmagyň aladasynda. Biziň ählimiz mundan-da beýläk yhlasly zähmet çekip, Aşgabat 2018 Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede geçmegine ýakyndan ýardam bereris. Munuň bilen birlikde, biz ýygyndy toparymyzyň türgenleriniň üstünlikli çykyş edip, ýeňişleri gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belende götermeklerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys we olara üstünlik arzuw edýäris!

Durdy KULJAÝEW, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy.