milli goshun logo
Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi
Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi
15.05.2024 200 Habarlar

Şu gün – 15-nji maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy. Onuň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Şu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem açyp görkezýär. Bu ýerde Türkmenistanyň we daşary döwletleriň gatnaşyjylarynyň 100-den gowrak wekili öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürledi. Şolaryň hatarynda Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, degişli kärhanalar we düzümler, türkmen telekeçileri bar. Şeýle-de Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Özbegistandan gelen gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalara we nou-haulara ünsi çekýän diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Serginiň azyk senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmak, maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmek we degişli ugurda ygtybarly ulgamy döretmegiň usullaryny işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga oňaýly şertleri döredýändigini bellemelidiris. Sergide görkezilýän diwarlyklaryň hatarynda oba hojalyk kärhanalary, döwrebap ýyladyşhana hojalyklary, guşçulyk, maldarçylyk boýunça, gök-bakja önümlerini, miweleri gaýtadan işleýän toplumlar bar.

Günüň ikinji ýarymynda sergä gatnaşýan kompaniýalaryň täze tehnologiýalarynyň, enjamlarynyň we önümleriniň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi.

Sergi ertir öz işini dowam eder.