milli goshun logo
«Awaza» birinji Hazar ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlyk görýär
«Awaza» birinji Hazar ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlyk görýär
02.08.2019 673 Habarlar | Bitaraplygyň mekany

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy sebitdäki işewürlik gatnaşyklaryny bütinleý täze derejelere ýetirmäge gönükdirilen birinji Hazar ykdysady  forumyny kabul eder. Oňa hökümet agzalary, ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, sebitleriň, banklaryň, kompaniýalaryň, senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň ýolbaşçylary we başgalar gatnaşar.

Hazar deňziniň gory onuň kenaryndaky döwletler üçin bir-birege peýdaly birnäçe ykdysady mümkinçilikleri açýar. Olaryň ara alyp maslahatlaşylmagy we durmuşa geçirilmegi ilkinji gezek biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ykdysady forumyň geçirilmeginiň netijesinde amala aşyrylar.

Geçiriljek çäre V Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyndan soň ilkinji uly umumysebitleýin çäre bolýandygy sebäpli, ol aýratyn ähmiýete eýedir. Soňky duşuşykda söwda-ykdysady pudagyna degişli gol çekilen şertnamalary we Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýanyň kabul edilendigini ýatlasak bolar. Birinji Hazar ykdysady forumy bu gazanylan şertnamalaýyn hukuk esaslarynyň mümkinçiliklerinden sebitiň telekeçileriniň peýdalanmagyna mümkinçilik açar.

Konferensiýanyň çäklerinde bilelikdäki inwestision meýilnamalar we maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşylar, erkin ykdysady zolaklarda söwda gatnaşyklaryny berkitmek meseleleri boýunça tejribe alşylar. Şeýle hem forumda garaljak meseleleriň arasynda sanly ykdysadyýet pudagyndaky aragatnaşyklary ösdürmek we bilelikdäki kärhanalary döretmek meseleleri wajyp ähmiýete eýe bolar.

Forumyň ahyrynda işewür toparlaryň we kompaniýalaryň duşuşyklarynyň çäklerinde birnäçe sebitdäki ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we sebitiň ählitaraplaýyn kuwwatyny iş ýüzüne geçirmäge ýardam berjek resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

 «Milli goşun».