milli goshun logo
Atçapyşyklarynyň täze möwsümine badalga berildi
Atçapyşyklarynyň täze möwsümine badalga berildi
24.04.2020 872 Habarlar

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde gurlan Lebap atçylyk sport toplumynda atçapyşyklarynyň täze möwsümine badalga berildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan konsert maksatnamasyna laýyklykda giň meýdançada tanymal estrada artistleri, bagşylar, tans we döredijilik toparlary Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzy hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy wasp edýän aýdym sazlary ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk Aşgabatdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan atşynaslary, şeýle hem köpsanly myhmanlary bir ýere jemledi. Toplumyň tomaşaçylar münberi janköýerlerden doldy. Maksatnama laýyklykda jemi 8 sany atçapyşyklary geçirildi.

Baýramçylyk atçapyşyklarynyň ýeňijilerine baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Atçapyşyklary tamamlanandan soň, Lebap atçylyk sport toplumynda «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň, Lebap welaýatynyň häkimliginiň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi.