milli goshun logo
Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy
Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy
05.07.2024 166 Habarlar

Düýn – 4-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde eden çykyşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýy mynasybetli Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagynyň dost-doganlygymyzyň ebedidigini hem-de mizemezdigini görkezýändigini aýtdy.

Heýkeliň umumy beýikligi 8,5 metre golaýdyr. Heýkeltaraş Magtymguly Pyragynyň döredijilik bilen meşgullanýan pursadyny şekillendiripdir. Ýadygärligiň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga öwrülipdir.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy, iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary ýadygärligiň etegine ajaýyp gül desselerini goýdular.