milli goshun logo
Asmandan inen bürgütler
Asmandan inen bürgütler
30.05.2019 2952 Harby Bilim

Ýakynda 2018–2019-njy okuw ýylynyň maksatnamasyna laýyklykda Harby institutyň 4-nji ýyl harby talyplary ilkinji gezek paraşutly böküşleri amala aşyrdylar. Bu harby talyplar bilen gürrüňdeş bolanyňda olar özleriniň tolgundyryjy pursatlary barada buýsanç bilen ýatlaýarlar. Hatda olaryň käbirisi – Dikuçaryň rampasyndan aşaklygyňa özüňi oklamak... Ynha, bu ýagdaý harby talyp ýoldaşlarymyzyň ählisi üçin hem tolgundyryjy pursatlaryň biri diýip hasap edýän. Ýa-da bolmasa entek howadaky böküşler başlamanka dikuçardaky gözükdiriji «Ýeriňizden turuň» diýen buýrugyny bereninde ýürek urgularymyz hasda güýçlendi. Biziň biri-birimize uly üstünlikleri arzuw edip, howada misli laçyn dek aşak inmegimiz, howada bürgüt ýaly türkmen tebigatynyň gözelliklerini synlamak ýa-da desantçy bolup geljekde öz bilim alan harby hünärimiz boýunça howa-desant goşunlarynda ata Watanymyzyň goraglylygyny üpjün etjekdigimiz baradaky pikirler, şol ajaýyp pursatlar hakydamyzda baky galar diýip, gürrüň berdiler.

Harby institutyň nyzam meýdançasyndaky umumy ýygnanşykda ähli şahsy düzümiň öňünde bu harby talyplaryň ilkinji paraşutly böküşleri üstünlikli amala aşyrandyklary baradaky habaryň şeýle-de harby talyplaryň at sanawynyň harby talyp K.Akmämmedow, seržant D.Azadow, uly seržant Ş.Beşimow, harby talyp M.Ereşow, harby talyp Y.Gurbanow, seržant A.Jumaýew, kiçi seržant S.Kulyýew, harby talyp D.Gurbanow, harby talyp B.Nurgeldiýew, harby talyp D.Şabasanow, harby talyp Ö.Saparmämmedow diýip okalmagy hem-de olara nyzamyň öňünde Harby institutyň ýokary ýolbaşçylary tarapyndan degişli şahadatnamanyň, döşe dakylýan nyşanlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy beýleki harby gullukçylara-da özüniň oňyn täsirini ýetirdi. Bu bolsa desantçy harby talyplarymyzy geljekdäki belent üstünliklere ruhlandyrdy. Şeýle üstünlikleriň sakasynda duran hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sag bolsun aýdýarys!

Kerim Myradow,

uly leýtenant.