milli goshun logo
Asman giňişliginde «Arkadag» ýyldyzy
Asman giňişliginde «Arkadag» ýyldyzy
01.07.2024 1002 Habarlar

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirilen baýramçylyk maslahatynda bolsa «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de oňa bolan buýsanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu ajaýyp künjekde amala aşyrylýan beýik işlere guwanjyny has-da artdyrdy.