milli goshun logo
Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda howa gatnawlary açyldy
Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda howa gatnawlary açyldy
19.02.2024 515 Habarlar

Türkmenistandan Malaýziýa we Saud Arabystanyna täze howa gatnaw ugurlary açyldy.

15-nji fewralda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherine ilkinji uçuşy amala aşyrdy. Ýolagçy uçary bu ýurtda dabaraly garşylandy. Munuň özi iki ýurtda hem işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Belläp geçsek, uçuş 8 sagat 10 minut dowam etdi.

16-njy fewralda bolsa, paýtagtymyzdan Saud Arabystanyna «Boeing 777-200LR» kysymly ýolagçy uçarynda amala aşyrylan uçuş Aşgabat – Jidda – Aşgabat ugry boýunça ýola goýlan täze howa gatnawynyň başyny başlady. Aşgabatdan gelip gonan, türkmen laçyny şekillendirilen uçardan düşen ýolagçylary Jidda şäheriniň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň wekilleri mähirli garşyladylar. Bu ýagdaý iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly ýardam eder.

Habar berlişine görä, Aşgabatdan bu şäherlere uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar.