milli goshun logo
Aşgabatda «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär
Aşgabatda «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär
09.11.2023 510 Habarlar

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

Foruma  Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa, Monako, Niderland Patyşalygy, Germaniýa, Şweýsariýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Beýik Britaniýa, Tailand Patyşalygy, Hindistan, Pakistan, Belarus, Özbegistan, Gyrgyz, Gazagystan, Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly dünýäniň          30-a golaý ýurdundan 80-e golaý kompaniýadan 200-den gowrak wekilleriniň gatnaşar.

Şol sanda «Halkara Elektroaragatnaşyk bileleşigi» (ITU), «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygy» (PCC), «Bütindünýä GSM bileleşigi» (GSMA), «Intersputnik» Halkara kosmos aragatnaşyk guramasy, GDA-nyň ýerine ýetiriji komiteti ýaly abraýly halkara guramalardan wekiller hem bolar.

Halkara sergisi we maslahaty ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan gatnaşjak alymlar, bilermenler, işewürler we halkara guramalaryň wekilleri sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sanly ösüşde döwlet strategiýasy bilen bagly meseleleri gözden geçirmäge mümkinçilik döreder.

Maslahatyň dowamynda «Sanly çözgüt—2023» innowasiýa bäsleşiginiň jemleri jemlener. Bu ýerde iň oňat ýaş taslamaçylaryň sanly önümleri işewürler jemgyýetine görkeziler.