milli goshun logo
Aşgabatda «Türkmentel — 2019» atly ХII Halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler
Aşgabatda «Türkmentel — 2019» atly ХII Halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler
23.11.2019 868 Habarlar

22-nji noýabrda geçirilen hökümet mejlisinde B.Öwezow şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel —2019» atly ХII Halkara sergisine hem-de onuň çäklerinde ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Halkara sergisine ýerli we daşary ýurtlaryň 90-dan gowrak kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Telekommunikasiýa, telemetriýa, ölçeg enjamlary, wideokonferens aragatnaşyk ulgamlary, audio we wideoýazgy enjamlary, kabel önümleri, aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmat operatorlary, ýörite tehnikalar, logistika we beýleki bölümlerde iň täze işläp taýýarlamalar görkeziler.

Ylmy maslahatda tejribeli hünärmenler, pudaklaýyn aragatnaşyk, kommunikasiýa ulgamlarynyň, ulag pudagynyň ýolbaşçylary öz teklipleri bilen çykyş ederler. Foruma gatnaşyjylar diňe bir aragatnaşyk toplumynyň wajyp ugurlarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary barada maglumat almak bilen çäklenmän, eýsem, özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmaga, tejribe alyşmaga, hyzmatdaşlygyň hem-de maýa goýumlaryň görnüşlerini kesgitlemäge mümkinçilik alarlar.