milli goshun logo
Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi
29.01.2023 547 Habarlar

28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar.

Gurultaýyň gün tertibine ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň toplumy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipelerini çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini we döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan göçme sergi bilen tanyşdylar. Sergide häzirki zaman Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkymyzyň baý medeni-taryhy mirasy barada gürrüň berilýär.

Soňra guramanyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy boldy. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Forumyň ahyrynda ýygnananlaryň öňünde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem-de Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň artistleri çykyş etdiler. Olaryň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýalarynda ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň çuňňur watançylyk duýgulary, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratyny has-da artdyrmaga taýýardyklary beýan edildi.