milli goshun logo
Aşgabatda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi
Aşgabatda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi
14.03.2019 563 Habarlar

2019-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler ministriniň orunbasary Ýun Sun-Gu ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Döwlet baştutanlarynyň özara saparlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň esasy şerti bolup durýandygy bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda koreý tarapy Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we ol geljek aýda Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýändir. Bu mazmunda taraplar bu sapara taýýarlyk bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Has takygy, saparyň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň bukjasyna seredildi. Şeýle hem nobatdaky saparyň guramaçylyk-protokol meselelerine garalyp geçildi.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda Koreýa Respublikasynyň işjeň hyzmatdaşlyk etmek isleýän türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan üç ugry bellenilip geçildi. Olar – suw, ulag we energetika diplomatiýasydyr. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlary we koreý tarapynyň bu ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy nygtaldy.