milli goshun logo
Aşgabatda nobatdaky ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi
Aşgabatda nobatdaky ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi
26.12.2019 699 Habarlar

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň günorta-gündogaryndaky Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda köp gatly jaýlaryň dördüsiniň ulanylmagy berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Köp gatly jaýlaryň dördüsinden üçüsiniň her biri 54 hojalyga hem-de biri 108 hojalyga niýetlenendir. Şeýlelikde, Aşgabatda maşgalalaryň 270-si oňaýly öýleriň açarlaryny aldylar. Şol öýler otaglarynyň ýerleşişiniň amatlylygy, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen aşhanalary bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu ýerde kömekçi otaglar we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Öýleriň bezeglerinde döwrebap gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanyldy.

Täze jaýlary guran potratçylar onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy barada hem alada etdiler. Bu ýerde degişli durmuş düzümleri döredildi, ulag ýoly, yşyklandyryş ulgamy çekildi, baglar we güller ekildi.