milli goshun logo
Aşgabatda «Koreý hepdeliginiň» çäreleri başlandy
Aşgabatda «Koreý hepdeliginiň» çäreleri başlandy
05.09.2019 387 Habarlar

5-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda «Koreý hepdeliginiň» açylyş dabarasy boldy, ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guraldy.

Çäräniň açylyş dabarasynda parahatçylygy hem-de dostlugy, iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmakda we özara düşünişmeginde, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde medeni alyşmalaryň, ruhy gymmatlyklaryň we döredijilik mirasynyň derwaýyslygy bellenildi.

Çärede gadymy hanbok koreý milli lybaslarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Dürli hanboklar, şol sanda gündelik we toýlara geýilýän lybaslar görkezildi. Bu çäre köp sanly tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Ýeri gelende aýtsak, «Koreý hepdeliginiň» çäklerinde «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde bu ýere gelenlere amaly-haşam sungatynyň çeperçilik nusgalaryny diňe synlamaga däl-de, eýsem, milli koreý lybaslaryny geýip görmäge we olar bilen surata düşmäge mümkinçilik döredildi.

Hepdeligiň jemleýji güni — 6-njy sentýabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryna bagyşlanan okuw maslahaty guralar.

Medeni çäräniň maksatnamasy koreý aşhanasynyň milli tagamlary bilen tanyşdyryş çäresini hem öz içine alýar. Tagamlaryň sergisi «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde geçiriler.