milli goshun logo
Aşgabatda IV Wena baly geçirildi
Aşgabatda IV Wena baly geçirildi
25.10.2019 423 Habarlar

24-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda IV Wena baly geçirildi. Bu köp öwüşginli çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, iki şäheriň — Aşgabadyň we Wenanyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi.

Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňelýändiginiň, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Däbe görä, Wena baly Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň meýdançasynda geçirilýär.

Aşgabatda geçirilen nobatdaky Wena baly oňa gatnaşyjylar üçin ýatdan çykmajak waka öwrülip, medeniýetiň we sungatyň çäkleri we aralyklary geçmäge kömek edip, dünýäniň dürli halklaryny parahatçylyga, sazlaşyga we gözellige, ýagşylyga we rowaçlyga tarap ymtylmagynda olary birleşdirýändigi baradaky hakykaty inkär edip bolmaýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.