milli goshun logo
Aşgabatda halkara teatr festiwaly tamamlandy
Aşgabatda halkara teatr festiwaly tamamlandy
24.11.2019 438 Habarlar

23-nji noýabrda paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy.

Bu iri forum myhmansöýer türkmen topragynda dünýäniň 12 döwletinden gelen döredijilik ulgamynyň wekillerini birleşdirip, festiwaly geçirmek başlangyjynyň esasynda goýlan parahatçylyk, ýagşylyk we döredijilik maksatlarynyň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Hepdäniň dowamynda döredijilik täzeliklerine we ýatdan çykmajak duşuşyklara baý bolan baýramçylyk ak mermerli paýtagtymyzda dowam etdi. Festiwalyň maksatnamasy daşary ýurtlaryň teatr toparlarynyň 14-siniň çykyşlaryny öz içine aldy. Türkmen sungatyna ýurdumyzyň esasy teatrlary wekilçilik etdiler. Artistleriň çykyşlary Aşgabadyň ajaýyp sahna meýdançalarynda tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmagy bilen geçdi.

Festiwalyň jemleýji güni geçirilen iş maslahatynyň barşynda kärdeşler teatryň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny, geljekki gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.