milli goshun logo
Aşgabatda halkara forum geçirildi
Aşgabatda halkara forum geçirildi
27.11.2023 562 Habarlar

Düýn – 26-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.

«Türkmendemirýollary» agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Türkmenistandaky degişli agentlikleriniň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Halkara ylmy-amaly maslahatyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň gazananlaryny görkezýän sergi guraldy.

Umumy mejlisde sanly ulgam arkaly Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri çykyş etdiler. Çykyşlarda ulag ulgamy boýunça aragatnaşygyň harytlary daşamagyň çykdajylaryny azaltmak we dünýä bazarlaryna elýeterliligini gowulandyrmak nukdaýnazaryndan ähli döwletleriň geljegi üçin möhüm ähmiýetlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, goşulyşmak işlerini ýeňilleşdirmekde, obalaryň we şäherleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin has amatly şertleri döretmekde ulagyň wajyplygyna üns çekildi.